Öz printeriňizi sazlamak üçin aşakdaky görkezmelere eýeriň.
Tehniki üpjünçilik serişdeleri sazlamak
Syýany doldurmak ýa-da syýa kartrijleri oturtmaklyk we kagyz ýüklemek ýaly printeriň tehniki üpjünçilik serişdelerini sazlamak boýunça jikme-jik maglumatlar üçin kagyz sazlamak boýunça gollanma serediň.
Draýwerleri gurnamak
Printeriň tehniki üpjünçilik serişdelerini sazlanyňyzdan soň draýwerleri gurnaň. Draýwerler aşakdaky ugurlarda bu CD-de ýerleşýär:
Printer Draýwer
\Driver\Printer\Driver
Skaneriň Draýweri (Köpsanly funksiýaly printerler üçin)
\Driver\Scanner2\Driver
Fax Utility (Köpsanly funksiýaly printerler üçin)
\Apps\FaxUtility
PCL ýa-da PS3(PostScript3) Printer Draýwer (diňe Goldaýan printerler üçin):
Käbir çap etme häsiýetleri PCL ýa-da PS3 draýwerleri bilen elýeterli däldir. Ähli çap etme häsiýetleri ulanmak üçin ýokarda agzalan printer draýwerini gurnaň.
Siziň printeriňiziň çap etme dilleri bolan PCL ýa-da PS3 goldaýandygyny anyklamak üçin Ulanyjy gollanmasy serediň we soňra draýweri gurnamak üçin görkezmelere eýeriň.
PCL Printer Draýwer
\Driver\PCLUniversal\
ýa-da
\Driver\Universal\
PS3(PostScript3) Printer Draýwer
\Driver\PostScript
Tor Birikmesi we Konfigurasiýa
Tora kabelsiz birikmek üçin LAN kabeli birikdiriň ýa-da printeriň gözegçilik panelini ulanyň. Tor sazlamalaryny sazlamaklyk üçin EpsonNet Config ýükläň we işe giriziň.
Gollanmalary we Maksatnama üpjünçiligi ýüklemeklik
Siz gollanmalary we beýleki maksatnama üpjünçilikleri Epson goldaw web saýtyndan ýükläp bilersiňiz.
http://www.epson.eu/Support (Ýewropa)
http://support.epson.net/ (Ýewropadan daşarda)